DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Özbegistanyň «Dunyo» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Özbegistanyň sebitleri bilen Lebap welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi uly bolan ugurlary maslahatlaşyldy.

Taraplar Surhandarýa we Kaşkadarýa welaýatlarynyň häkimlikleri bilen Lebap welaýatynyň häkimliginiň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda öň gol çekilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanylypdy.

Üçünji özbek-türkmen sebitara forumyny, şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda Buhara we Türkmenabat şäherlerinde bilelikdäki işewürlik forumlary guramaga taýýarlyk görmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, taraplar geljekde Buhara welaýaty bilen Lebap welaýatynyň arasynda «Alat–Farap» serhetýaka söwda zolagynyň döredilmeginiň özara haryt dolanşygynyň möçberini artdyrmaga, ykdysady ösüşe we serhetýaka sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini nygtadylar.

Lebap welaýatynyň ýerli telekeçileri bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebitara özara gatnaşyklaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň, senagat we agrotehnologik kooperasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar Özbegistanyň Ilçihanasy bilen yzygiderli gatnaşygy saklamaga we iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy