DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Fransiýa strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Fransiýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Emmanuel Makron bilen duşuşygy boldy. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça bilelikdäki jarnama gol çekildi.

Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Özbegistanyň we Fransiýanyň wekiliýet düzümleriniň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Şeýle hem öňdebaryjy fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Özbegistanda umumy bahasy 6.5 milliard ýewrolyk maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gňnükdirilen ylalaşyklar gazanyldy.

Mundan başga-da, özbek-fransuz uniwersitetini döretmek hakynda hem degişli ylalaşyga gol çekildi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Fransiýa Respublikasynyň ýokary sylagy – hormatly legion Ordeni bilen sylaglady.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew saparynyň çäklerinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda gatnaşyklar ýola goýuldy. Geçen ýyl ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 1 milliard dollardan geçdi, bilelikdkäi kärhanalaryň sany 4 esse artdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär