SPORT

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda 20 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda dünýä çempionatyny kabul eder. Bu ýaryş ulularyň dünýä çempionatyndan soň iň möhüm ikinji ýaryş hasap edilýär we dünýäniň iň gowy ýaşlar ýygyndylaryny jemlär diýip, Futbol assosiasiýasynda habar berildi.

Özbegistan bilen Azerbaýjan ýaşlaryň dünýä çempionatynyň öý eýeleri bolarlar. Karar 2-nji oktýabrda Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) mejlisinde kabul edildi.

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy bellemegine görä, U-20 çempionaty FIFA tarapyndan geçirilýän ýygyndylaryň arasynda dünýä çempionatyndan soň iň abraýly ýaryşdyr.

Futbol bilermeni Alişer Nikimbaýewiň maglumatyna görä, Özbegistan bilen Azerbaýjan dürli konfederasiýalardan erkekleriň dünýä kubogyny kabul eden ilkinji ýurtlar bolarlar.

«Soňky ýyllarda ýurdumyz köp sanly iri halkara ýaryşlaryny kabul etdi we uly tejribe toplady. Hususan-da, 2024-nji ýylda Özbegistanda geçirilen FIFA futzal boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede gurnaldy we halkara futbol jemgyýetçiliginiň ykrar etmegine mynasyp boldy» diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bilelikde dünýä çempionatyny geçirmek pikiri ilkinji gezek Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iýul aýynda Azerbaýjana eden sapary wagtynda aýdylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri