DÜNÝÄ

Ozalky Premýer-ministr Manmohan Singh aradan çykdy

Hindistanyň meşhur syýasatçylaryndan, ozalky Premýer-ministri Manmohan Singh 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär. Hindistanyň hökümeti öňki Premýer-ministr Singhiň aradan çykmagy sebäpli 7 gün ýas yglan etdi.

Manmohan Singh liberal ykdysady özgertmeleriň öňbaşyçysy bolup, Hindistanyň iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulmagyna saldamly goşant goşdy.

Hindistan 1990-njy ýyllarda geçiren kynçylyklyk döwürlerinde Manmohan Singh salgytlary azaltdy, pul birligi rupiýada özgertmeler geçirdi, döwlet kompaniýalaryny hususylaşdyrdy we daşary ýurt maýadarlaryny ýurduna çagyrdy.

Bu öňüni alyş çäreleri ýurduň ykdysadyýetini täzeden dikeldip, senagat önümçiligini ýokary galdyrdy. 1990-njy ýyldan soňra Hindistanyň ykdysady ösüşi ýokary durnukly ýagdaýda galdy.

Singh 2004-2014-nji ýyllarda ýurduň Premýer-ministri, 1991-nji ýyllarda bolsa, maliýe ministri bolup zähmet çekdi.

Manmohan Singh 1932-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda dünýä indi. Ol Penjab uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça magistr derejesini aldy, Oksford uniwersitetinde bolsa, doktorlyk derejesini gazandy.

Ol garaşsyz Hindistanyň taryhynda iň köp wagt Premýer-ministr bolan 3-nji döwlet işgäridir. Ondan ozal, Jawaharlal Neru we Indira Gandi köp ýyllap, hökümet baştutany bolupdy.

Manmohan Singh 2014-nji ýylda Premýer-ministri wezipesini ýurduň häzirki Premýer-ministri Narendra Modä tabşyrypdy.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov