SIZDEN GELENLER

Öwrenilen gyzykly maglumatlar

Ajy iýmitleri iýmek ömrümizi uzaltmaga kömek eder

ABŞ-nyň Dreksel Tehnologiýa institutynyň alymlary tarapyndan ajy çili burçunyň saglyga peýdaly başga taraplary hem anyklandy. Çili burçunyň düzüminde semizligiň öňüni alýan we arteriýa damarlaryndaky gan aýlanşygyny sazlaýan kapsaýsin maddasy bardyr. Mundan başga-da onuň mikroba garşy göreşýän häsiýeti bolup, ol içegedäki mikroplary ýok edýär.

Arassa howada gezelenç etmek gözlerimiz üçin peýdaly

Ýaponiýanyň Wasedo uniwersiteti we “Kao Corporation” kompaniýasynyň hünärmenleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde uzakdan görmezlik keselinden ejir çekýän çagalaryň sanynyň gaty köpelmeginiň sebäbi olaryň wagtynyň gaty köp bölegini öýüniň içinde geçirýändigidir diýip belleýär. Smartfonlar ýaly ýiti şöhleli obýektlere golaý aralykda üns berip seretmegi çagalaryň gözüniň daş aralykdaky obýektlere fokusirlemek üçin kän pursatynyň bolmaýandygyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý bolsa köplenç käbir keseline sebäp bolýar, ýagny gözümiz daşdaky obýektleri fokusirlemekde ejiz gelýär. Şeýlelikde, hünärmenler wagtyň köp bölegini arassa howada gezelenç etmegiň we tebigatyň gözelliklerini synlamagyň bu kesele garşy iň gowy çözgütdigini aýtýarlar.

Çaý içmek saglyga peýdaly

Geçiren derňewleriň netijesinde Ýaponiýanyň Nagoi uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmaklaryna görä çaý içmek beýniniň nerw sistemasynyň bozulmagyndan, aýratyn hem nerw öýjükleriniň zaýalanmagyndan goraýandygy anyklanyldy. Ýagny dowamly çaý içmek akyl ýetiriş ukybynyň peselmek howpuny 55 ýaşa çenli 50% azaltýar. Gara we gök çaýlarynyň ýapragynyň düzüminde bioaktiw birleşmeler bar. Olar bolsa käbir keselleriň öňüni alýar.

Taýýarlan Baýram DOSNAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika