JEMGYÝET

Owganystanyň halkyna kömek etmegiň ýollaryny tapmaly

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygy geçirilýär. Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaýşankaryň ýolbaçylygynda geçirilýän duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşýar.

Hindistanyň metbugatyndaky habara görä, Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaýşankar duşuşykda eden çykyşynda Owganystanyň halkyna kömek etmegiň ýollaryny tapmalydyklaryny mälim etdi.

Hindistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Kabulda inklýuziw hökümetiň gurulmagynyň zerurdygyny hem-de Owganystana päsgelçiliksiz ynsanperwer kömegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

– Biziň hemmämiziň Owganystan bilen çuň taryhy we medeni gatnaşyklary bar. Bu ýurt boýunça biziň maksatlarymyz hem-de aladalarymyz birmeňzeş – diýip, Subramanyam Jaýşankar aýtdy.

Ol inklýuziw we wekilçilikli hökümet, terrorçylyk we bikanun neşe serişdelerine garşy göreşmek, päsgelçiliksiz ynsanperwer kömeklerini üpjün etmek, zenanlaryň, çagalaryň hukuklarynyň goralmagy Owganystanyň esasy ugurlary bolmalydygyny mälim etdi.

MERKEZI AZIÝA BILEN GATNAŞYKLARYMYZY TÄZE DEREJÄ ÝETIRERIS

Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Subramanyam Jaýşankar Hindistanyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Ol “dört С” – ýagny söwda, geçirijilik mümkinçiligi, aragatnaşyklylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini belledi.

Subramanyam Jaýşankar bu duşuşygyň çal t üýtgeýän ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň çäklerinde geçirilýändigini we “COVID-19” pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine we ilatyna uly kynçylyk döredendigini belledi.

Ol Hindistanyň Mekrezi Aziýanyň esasy hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirjekdigini bellän Subramanyam Jaýşankar soňky ýyllarda Hindistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

2015-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran sapary hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täze itergi berendigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň daşary işler ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçen ýyyň oktýabr aýynda onlaýn formatynda geçirilipdi.

 

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri üçin agşamlyk duşuşyk

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary giňelder

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary

Türkmenistan «Buig» kompaniýasy bilen sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýar