DÜNÝÄ

Owganystan Yslam Emirliginden Türkmenistana minnetdarlyk haty

Owganystan Yslam Emirliginiň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Molla Mohammed Hasan Ahunddan hormatly Prezidentimiziň adyna hat gelip gowuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda Owganystana ugradylan ynsanperwer kömegi üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Häzirki kyn şertlerde dostlukly Türkmenistan tarapyndan nebitgaz, azyk we dokma önümlerinden ybarat, şeýle giň möçberli kömegiň iberilmegi, biziň dostlukly halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Owganystan Yslam Emirliginiň döredilmeginden soňra goňşy döwletiň gatnaşyklarynda täze döwür başlandy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylygynyň Kabul şäherine sapary hem-de türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Hyrat şäherinde geçiren duşuşyklary bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy.

Owganystan Yslam Emirliginiň bu duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge doly taýýardygyny ynandyrýaryn.

 

2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kubmetr tebigy gaz iberildi

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar

Türkmenistanyň ilçisi “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

“Greencard” loteriýasyna gatnaşmak tölegli bolar

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy