Ýurdumyz täze önümçilikleri döretmekde zerur bolan çig malyň dürli görnüşlerine we baý gorlaryna eýedir. Tebigy baýlyklaryň we olaryň gorlarynyň rejeli hem-de iňňän oýlanyşykly peýdalanylyp başlanylmagy bilen, häzirki wagtda ähli gazma baýlyklar çykarylanda daşky gurşawa ýetirilýän täsirler pugta göz öňünde tutulyp, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý edilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň önümçiliklerine gerek bolan tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalarynyň bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär.
Döwlet tarapyndan ýerli çig mallary ulanyp oba hojalygyna gerek täze dökünleri ylmy esasda işläp taýýarlamak şu güniň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak arkaly täze dökün, kükürt-bentonit döküni ylmy esasda işlenilip taýýarlanyldy we onuň önümçilik tehnologiýasy işlenilip düzüldi. Bu kükürt-bentonit döküninde tebigy ýatagy bar bolan bentonit toýuny hem-de gaz senagatyndaky arassalaýjy tehnologiýasynda toplanýan tehniki kükürt peýdalanylýar. Kükürt-bentonit döküni häzirki wagtda oba hojalyk ösümlikleri üçin örän zerur gerek dökünleriň biri bolup durýar.
Bu dökün topraga düşende göwrümi 2,5 essä çenli çişýär we ýuwaş-ýuwaşdan eräp, uzak wagtlap ösümlikleri olara örän gerek kükürt we beýleki elementler bilen üpjün edýär, azodyň, fosforyň, kaliýniň we beýleki elementleriň, birleşmeleriň özleşdirilişini gowulandyrýar, şeýle-de topragyň aşgarlylygyny kadalaşdyrýar we ösümlikleriň ösüşini güýçlendirýär, olaryň aýaza çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Kükürt birleşmeleriniň topraga has uzak wagtlap täsir etmegi üçin toplumlaýyn dökün hökmünde ulanylýar.
Bu ugurda geçirilen ylmy barlaglarda çig malyň minerologiki we himiki düzümleri öwrenildi, barlaghana şertlerinde tehnologiki hadysany işe girizmegiň esasy parametrleri kesgitlenildi, ýagny iň amatly görkezijileri (temperatura, basyş, üwemäniň ownuklygy, çig maly düzüjileriň massa gatnaşyklary, granulalaryň ölçegleri we beýlekiler), şeýle hem granulirlenen kükürt-bentonit taýyn önüminiň esasy fiziki-himiki görkezijileri kesgitlenildi.
Barlaghana şertlerinde geçirilen tejribe barlaglarynda toplumlaýyn döküni almak üçin ýerli bentonidi gury işjeňleşdirme (aktiwasiýa) usuly ulanyldy we onuň has amatly şertleri hem-de gatnaşyklary kesgitlenildi. Barlaghana şertlerinde tejribe barlaglarynda bentonidi aktiwleşdirmek birnäçe usulda alynyp baryldy we ylmy-barlag işleri geçirildi.
Granulirlenen kükürt-bentonit döküni ulanylanda daşky howa gurşawynda we akar suwlarynda beýleki maddalar bar bolan halatynda goşmaça zäherli birleşmeleri döretmeýär, bu bolsa daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýär. Öndürilende we ulanylanda daşky gurşawyň ekologiýasyna zyýanly täsirini ýetirmeýän, ekologiki deňagramlylygy bozmaýan, ýurdumyzyň çäklerinde ýeterlik gorlary bar bolan çig mallardan öndürilýän, oba hojalygyna zerur gerek bolan täze önümler şu günki günüň önümçilige ornaşdyrmak boýunça bildirilýän talaplaryna doly gabat gelýär.
Kükürt-bentonit oba hojalygynda toplumlaýyn dökün hökmünde ulanylýar. Kükürt azot, fosfor we kaliý bilen birlikde ösümlikleriň ösüşi üçin zerur element bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýönekeý kükürt topragyň döküni hökmünde ýaramly däldir, çünki ol suwda eremeýär. Ylmy barlaglardan ýüze çykarylyşyna görä, berk kesgitli şertlerde kükürt bentonitiň (bentonit palçygynyň) esasy düzümi bolan montmorillonit (onuň himiki formulasy – Si8Al4O20(OH) x n H2O) tebigy mineraly bilen iň amatly gyzgynlyk derejesinde garyşdyrylanda (eredip birleşdirilende) kükürt-bentonit toplumlaýyn dökünini alyp bolýar. Ol topraga düşende toprakda kem-kemden eräp, ösümlikleri birnäçe elementler bilen üpjün edip bilýär. Şonuň bilen birlikde, topragyň aşgarlylygyny dikeldip, azotyň, fosforyň, kaliýniň we beýleki elementleriň we birleşmeleriň özleşdirijiligini gowulandyrýar, şeýle-de topragyň aşgarlylygyny kadalaşdyrýar we ösümlikleriň ösüşini güýçlendirýär.
Ogulnar MEREDOWA,
Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň
“Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary”
barlaghanasynyň 2-nji derejeli hünärmeni.
