SPORT

Osman Dembele FIFA boýunça ýylyň futbolçysy saýlandy

Katar Doha şäherinde geçirilen “The Best FIFA Football Awards” atly uly dabaranyň netijeleri bellı boldy. Onuň dowamynda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25-nji möwsüminiň iň gowy futbolçylaryna we tälimçilerine baýraklar gowşuryldy. Osman Dembele FIFA boýunça ýylyň futbolçysy saýlandy

“The Best” baýragyna dalaşgärleri saýlamakda, 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli döwürdäki çykyşlar göz öňünde tutuldy. Ses bermek işine milli ýygyndy toparlaryň kapitany we tälimçileri, şeýle hem janköýerler we metbugat wekilleri gatnaşdy.

DEMBELE ÝYLYŇ FUTBOLÇYSY

Osman Dembele “Altyn top” baýragyndan soňra ýene bir abraýly şahsy baýragy gazandy. Garaşylyşy ýaly, 28 ýaşly fransuz “Pari Sen-Žermen” topary bilen birlikde özboluşly bir möwsümi geçirdi. Ol diňe bir Fransiýanyň çempiony bolman, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny aldy, eýsem, klubyň taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp, UEFA-nyň Superkubogyny eýesi boldy.

Dembele bu baýragy ilkinji gezek gazandy. Ondan öň “The Best” baýragynyň eýeleri portugaliýaly Kristiano Ronaldo (2016, 2017), horwatiýaly Luka Modriç (2018), polşaly Robert Lewandowski (2020, 2021), argentinaly Lionel Messi (2019, 2022, 2023) we braziliýaly Winisius (2024) bolupdylar.

BEÝLEKI BAÝRAKLARYŇ EÝELERI

  • Iň gowy zenan futbolçy diýen baýraga “Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Aýtana Bonmati yzygiderli üçünji gezek mynasyp boldy.
  • Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy tälimçisi diýen baýraga PSŽ-niň ispaniýaly tälimçisi Luis Enrike, zenanlaryň arasynda bolsa Angliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän niderlandly Sarina Wigman mynasyp boldy.

FIFA boýunça ýylyň erkekler toparyna aşakdaky futbolçylar girdi:

  • Derwezeçi: Donnarumma (PSŽ/”Mançester Siti”);

  • Goragçylar: Hakimi, Mendeş, Wilýan Paço (hemmesi – PSŽ), Wírjil wan Deýk (“Liwerpul”);

  • Ýarymgoragçylar: Palmer (“Çelsi”), Jud Bellingem (“Real”), Witiniýa (PSŽ), Pedri (“Barselona”);

  • Hüjümçiler: Ýamal (“Barselona”), Dembele (PSŽ).

 

Ýene-de okaň

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

«Arkadag» topary Antaliýadaky ýygnanyşykda bolgar kluby bilen duşuşar

Maýkl Karrik “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi boldy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Ata Watan Eserleri

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary baş tälimçisini täzeledi

Ronaldoly «Al-Nasryň» Aşgabada gelmegi dünýä metbugatynyň üns merkezinde