Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol toparynyň hem-de Fransiýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Osman Dembele “France Football” žurnalynyň görkezmegi boýunça 2024/25 möwsüminde dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin niýetlenen “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Parižiň Şatle teatrynda geçirildi.
Geçen möwsümde Dembele Çempionlar ligasynda, şeýle hem PSŽ bilen bilelikde Fransiýanyň çempiony we Fransiýanyň kubogynyň eýesi boldy we ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Hüjümçi 25 gol bilen Fransiýa çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.
Geçen möwsümde Dembele PSŽ üçin 53 oýun oýnap, 35 gol geçirdi we 16 gollyk pas berdi. Baýragy oňa “Barselona” we PSŽ-niň öňki futbolçysy, 2002-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň ýeňijisi, 2005-nji ýyldaky “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan braziliýaly Ronaldinýo gowşurdy.
2024-nji ýylda “Altyn top” baýragyny Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ispan ýarymgoragçysy Rodri aldy. Bu baýragy almagyň rekordy argentinaly hüjümçi Lionel Messä degişlidir, ol “Altyn topy” sekiz gezek gazandy.
2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleriň sanawyna 30 futbolçy girdi. Ikinji orny “Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Lamin Ýamal, üçünji orny bolsa PSŽ-niň portugal ýarymgoragçysy Witiniýa eýeledi.
Dembele 28 ýaşynda, ol 2023-nji ýyldan bäri PSŽ-de çykyş edýär. Futbolçy PSŽ bilen 2024-nji ýylda Fransiýanyň çempionatynda we kubogynda ýeňiş gazandy, 2025-nji ýylda bolsa topary bilen bilelikde UEFA-nyň Super kubogyny aldy.
Dembele Germaniýanyň “Borussiýa” (Dortmund), Fransiýanyň “Renn” we Ispaniýanyň “Barselona” klublarynda çykyş etdi, soňkusy bilen üç gezek Ispaniýanyň çempiony we iki gezek ýurduň kubogynyň eýesi boldy.
Fransiýanyň milli ýygyndy topary bilen Dembele 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen Dünýä çempionatynyň çempiony we 2022-nji ýylda Katarda geçirilen ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi boldy. Milli topar bilen ol 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň we 2025-nji ýyldaky Milletler ligasynyň bürünç medalyny aldy.
“Altyn top” baýragy barada
“Altyn top” baýragy “France Football” žurnalynyň öňki baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan döredildi. Bu baýrak ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” toparynyň hüjümçisi Stenli Mettýuza gowşuryldy, ýeňiji futbol žurnalistleri tarapyndan kesgitlenýärdi. Ilkibaşda “Altyn top” baýragyna diňe ýewropaly futbolçylar dalaş edip bilýärdiler, 1995-nji ýyldan başlap, futbolçynyň Ýewropa klubynda oýnamagy şertinde, islendik milletdäki oýunçylara berlip başlandy, 2007-nji ýyldan başlap bolsa islendik oýunça berilýär. Sowet futbolçylaryndan “Altyn topy” Oleg Blohin, Lew Ýaşin we Igor Belanow gazandy.
Beýleki baýraklaryň ýeňijileri
- Aýal futbolçylar üçin “Altyn top” baýragyny yzygiderli üçünji gezek ispan futbolçy Aýtana Bonmati aldy.
- Lew Ýaşin adyndaky baýrak iňlis zenan derwezeçi Hanna Hemptona we italiýaly erkek derwezeçi Janluiji Donnarummaga gowşuryldy.
- Erkekler toparynda iň gowy tälimçi diýlip PSŽ-niň ispan tälimçisi Luis Enrike, aýallar toparynda bolsa Angliýanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, niderlandly Sarina Wigman yglan edildi.
- Lamin Ýamal dünýäniň iň gowy ýaş oýunçysyna berilýän “Kopa trofeý” baýragyny aldy. Ispan futbolçy bu baýragy yzygiderli ikinji ýyl aldy we bu baýraga mynasyp bolan taryhda ilkinji futbolçy boldy. Aýallaryň arasynda bu baýragy ispan gyzy Wiki Lopes aldy.
- Möwsümiň iň gowy hüjümçisine berilýän Gerd Mýuller adyndaky baýrak şwed Wiktor Dýokereşe we polýak gyzy Ewa Paýora gowşuryldy.
- Ýylyň iň gowy klublary erkekler arasynda PSŽ (Fransiýa) we aýallar arasynda “Arsenal” (Angliýa) boldy.