MEDENIÝET

«Oskarly» rus aktýory aradan çykdy

Russiýaly meşhur kino ussady, režissýor we aktýor Wladimir Menşow 82 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «Mosfilm» habar berdi.

Habarda aktýora 26-njy iýunda koronowirus kesgitlemesi goýlup, şol kesel sebäpli aradan çykandygy aýdylýar.

Menşew «Moskwa gözýaşlara ynanmaýar» atly filmi bilen has hem meşhurdyr. Onuň režissýorlyk eden bu filmi 1981-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragyna laýyk görüldi. Has takygy, film şol ýylda «Daşary ýurt dilindäki iň gowy film» hökmünde «Oskary» eýeledi.

Menşew dürli ýyllarda «Nofelet nirede?», «Gijeki tabşyryk», «Baharyň 17 pursady» ýaly meşhur filmler bilen birlikde 100-den gowrak filmde baş keşbi döretdi.

Ol özbek kinosyna hem goşandyny goşup, Zulfikar Musakowyň «Abdullojon» filminde general Nahlobuçkonyň keşbini ýerine ýetirdi.

“Bugatti” satylýar

 

 

Ýene-de okaň

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri