MEDENIÝET

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Düýn – 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda halkymyzyň hormatlaýan, söýüp diňleýän aýdymçylarynyň biri Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Gurdowanyň 70 ýaş ýubileý toýy mynasybetli aýdym-sazly konsert dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet pudagynyň işgärleri, artistler, aýdymçylar we halypanyň diňleýjileri gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Öwez Gelenow, Halbike Dowyýewa, Kadyr Atabaýew, Mährigözel Annageldiýewa, Baýrammyrat Kerimow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Atamyrat Ataýew, Gülşat Meňliýewa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri Tuwakbibi Köçekowa, Ýazbibi Sapargeldiýewa, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussatlary we beýlekiler Orazgül Gurdowany doglan güni bilen gutlap, özleriniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Annagül we Gülşat Gurdowalaryň doglan gün üçin ýörite taýýarlan aýdymlary oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dabara Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri we alkyşlar bilen tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem bu dabara ýörite myhman hökmünde gatnaşdy we birnäçe wideogörnüşleri taýýarlady. Olary “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Atavatan TV” YouTube kanalyndan tomaşa edip biljekdigiňizi ýatladýarys.

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen sazandalary Wenadan “Altyn baýrak” bilen dolandylar

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi