JEMGYÝET

«ON» birnäçe minutda rekord goýdy

«K-Pop» ýyldyzlary BTS toparynyň täze aýdym-saz toplumyna giren ikinji şekilli aýdyma «YouTube-de» bary-ýogy birnäçe minutda 1,54 million adam tomaşa etdi. Munuň özi täze eserleriň ilkinji tomaşalarynyň arasynda täze bir dünýä rekordydyr.

«Map of the Soul: 7» diýlip atlandyrylýan toplumdaky bu şekilli aýdym «YouTube-de» birnäçe gün mundan ozal ýerleşdirildi. Täze dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan aýdym «ON» diýlip atlandyrylýar.

21-nji fewralda satlyga çykan toplumdan ilkinji aýdym ― «Kinetic Manifesto Film: Come Prima» bir gije-gündizde 46,5 million tomaşaçysyny tapypdy. Şeýlelikde, ol «YouTube-niň» taryhynda iň köp tomaşa edilen şekilli aýdymlaryň arasynda eýýäm ilkinji bäşlige girdi.

Aslynda, «YouTube-de» başlangyjy iň şowly bolan 10 wideogörnüşiň üçüsi BTS topary tarapyndan dürli ýyllarda ýerleşdirilen aýdymlardyr. Hatda toparyň Helseý bilen bilelikde ýerine ýetiren bir aýdymy bir gije-gündizde 74,6 million adam tarapyndan tomaşa edilip, bu sanawyň birinji basgançagynda ýerleşmegi başardy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi