DÜNÝÄ

«Ömrümiň manysy» atly täze kitaby tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy. Şu gün — 29-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artistleriniň, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ömrümiň manysy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açylan dabarada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Demokratik partiýanyň başlygy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň many-mazmuny, onuň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Täze kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» ýaly bölümleri, şeýle-de olaryň her birine degişli bölümçeleri öz içine alýar. Olarda adamzat döräli bäri ýaradylyşyň gözbaşyna, dünýä, tebigata, durmuşa akyl ýetirmek bilen baglanyşykly garaýyşlar, pikir-pelsepeler yzarlanylýar.

Ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, halkyň Arkadagly zamanasynyň, täze taryhy döwrümiziň waspyny ýetirýän aýdym-sazlary bolsa dabara özboluşly bezeg berdi.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy