SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” Türkiýe hem aralaşdy

Türkiýede “COVID-19” koronawirus ýokanjynyň “omikron” ştammy bilen kesellän 6 hassa hasaba alyndy. Bu barada Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, koronawirusyň täze görnüşine ýokaşan biriniň Stambulda, galan böleginiň Izmirde hasaba alnandygy mälim edildi. Şol bir wagtyň özünde, täze COVID-19 görnüşiniň ýaýramagy sebäpli Türkiýe noýabr aýynyň ahyrynda günorta Afrikanyň ýurtlary bilen uçuşlary togtatdy.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri bu hassalaryň “omikron” görnüşini ýeňil geçirendiklerini mälim etdi. Ol koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmegiň dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

“Omikron” diýlip atlandyrylýan B.1.1.529 görnüşi Günorta Afrikada, Botswana, Ysraýylda, birnäçe Ýewropa ýurtlarynda we eýýäm ABŞ-da tapyldy. Hünärmenler munuň howp döredip biljekdigine ynanýarlar, sebäbi pandemiýa döwründe alymlaryň kesgitlän we köp sanly mutasiýa saklaýan beýleki ştammlardan has çalt ýaýraýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy B.1.1.529-ny “ynjalyksyzlyk döredýär” diýip kesgitledi we  “omikron” diýip atlandyrdy. Hünärmenler, eýýäm syrkawlanlaryň we sanjym edilenleriň ýokaşyp biljekdigine, alamatlaryň ýadawlykdan başlap, kelle agyrylaryna we beden agyrylaryna çenli bolup biljekdigine ynanýarlar.

Noýabr aýynyň ortalarynda Afrikanyň günortasynda ýüze çykarylan koronawirus B.1.1.529-nyň täze görnüşi eýýäm 50-dan gowrak ýurtda peýda boldy.

Bu görnüşiň has howpludygy göz öňünde tutulyp, Afrikanyň birnäçe ýurduna uçar gatnawlary togtadyldy. Ýewropa ýurtlarynda täzeden çäklendirmeler girizildi.

 

Dubaýyň hökümeti kagyz resminamalaryndan ýüz öwürdi

 

Ýene-de okaň

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy