SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” Eýran hem gelip ýetdi

Koronawirus ýokanjynyň “omikron” görnüşi Eýranda hem peýda boldy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Kamal Heýdari habar berdi.

– Günorta Afrika Respublikasynda ýüze çykan “omikron” görnüşi 3 hepdeden soňra Eýranda hem peýda boldy – diýlip, Eýranyň “IRNA” habarlar gullugy mälim etdi. Ministriň orunbasarynyň bellemegine görä, Birleşen Arap Emirliklerinden Tährana gelen orta ýaşdaky erkek adamda wirusyň bu görnüşi ýüze çykdy.

26-njy noýabrda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Afrikanyň günortasynda grek harpy bilen “omikron” diýlip atlandyrylan koronawirusyň bu görnüşi çalt depginde ýaýraýar. BSGG-niň beýannamasynda wirusyň bu görnüşiniň köp sanly mutasiýa geçýändigi we olaryň adamlary alada goýýandygy bellenildi.

“Omikron” görnüşiniň global merkezi Günorta Afrikadyr. Oňa ýokaşanlaryň iň köp möçberi Günorta Afrikada ýüze çykaryldy. BSGG-niň maglumatlaryna görä, koronawirusyň “omikron” ştammy şu wagta çenli dünýäniň 89 ýurdunda tapyldy.

 

Çiliniň täze Prezidenti belli boldy

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar