SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi başlady

Şu ýyl Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine badalga berildi. Fukusima prefekturasynyň “J-Village” futbol türgenleşik merkezinden badalga alan alaw ýörişinde ilkinji metrleri 2006-2016-njy ýyllarda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden futbolçy zenan Adusa Iwasimidzu geçdi.
Olimpiýa oýunlarynyň alawyna badalga bermek dabarasynda ilki bilen teatrlaşdyrylan sahnalar görkezildi. Soňra Gresiýadan getirilen alaw sahna çykaryldy. Soňra onuň ýörişine badalga berildi.
Bu ýöriş koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri durmuşa geçirmegiň çäginde geçirilýär. Her fakel göterijä Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň 10-a golaý işgäri hem-de polisiýa işgärleri ýoldaşlyk edýär.
Olimpiýa oýunlarynyň ýörişi 121 gün dowam eder. Alawy ýurduň ähli 47 prefekturasyndaky 859 munisipalitetdne geçirmek göz öňünde tutulýar. umuman, bu ýörişe 10 müň töweregi adam gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi. Ýöne koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy bilen oýunlaryň geçirilmeli möhleti 1 ýyl yza süýşýrilip, 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly-8-njy awgusty aralygynda geçirmek meýilleşdirildi.
Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti bu abraýly sport ýaryşlaryna daşary ýurtlardan janköýerleriň gatnaşdyrylmagyna rugat bermedi.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy