JEMGYÝET

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Ol öz gutlag hatynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňe okgunly hereket etmegine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyrdygyny beleldi.

Kononenkonyň gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu şatlykly günde Watanym Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ýeten derejesini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Demokratik, açyklyk, adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçen saýlawlaryň netijesinde Siz türkmen döwletine we halkyna baştutanlyk etmek bilen, Gahryman Arkadagyň döredijilikli syýasatyny dowam edýärsiňiz, ýurdy ösüşiň we abadançylygyň, halkara giňişlikdäki ornuny, bütin dünýädäki abraýyny pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda öňde goýlan ähli wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigine, geljekki ýyllarda ösüşiň strategik maksatlaryna ýetiljekdigine ynanýaryn. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňe okgunly hereket etmegine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn. Siziň bilen duşuşmaga örän şatdygymy ýene-de nygtamak isleýärin.

Şeýle-de öz mähriban watandaşlaryma — türkmenistanlylara tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri