Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty hem-de beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 8-9-njy oktýabrda tutuş ýurdumyzda «Türkmenistan – bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.
10-12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda milli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylanlara bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat guralar.
Her ýyl geçirilýän sergä derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk we sport enjamlaryny, bilim tehnologiýalaryny öndürýän daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahata türkmen alymlary we lukmanlary, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşleri gatnaşar.
Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemek göz öňünde tutulýar. Sanly ulgam arkaly iki tapgyrda geçirilen halkara bäsleşigine ýurdumyzdan we dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan ýaş alymlaryň dürli ugurlara degişli ylmy-barlag işleri we taslamalary gelip gowuşdy.