Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medal bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik altyn nyşany bilen sylaglady.

«Türkmenistan»  gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Oguljahan Atabaýewa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» ýadygärlik altyn nyşany bilen sylaglanyldy.

Bu sylaglar Oguljahan Atabaýewa döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky we halkara abraýyny beýgeltmekdäki hyzmatlary, ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklary ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri, ýaş nesli Watana bolan söýgi, wepalylyk, batyrgaýlyk, dogruçyllyk we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işlerinde çeken halal zähmeti üçin berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi