JEMGYÝET

Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogana gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy öz maşgalasynyň, ýagny ýoldaşynyň, oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana hem-de tutuş türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi we Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öz ýoldaşynyň, oglunyň hem-de maşgalasynyň adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan döwletimiz tarapyndan doganlyk türk halkyna goşmaça ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny, şol sanda tebigy betbagtçylygyň netijesinde ejir çeken çagalar üçin ýyly egin-eşikleriň iberilendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy şu agyr pursatda şehit bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna türkmen tarapynyň mundan beýläk-de islendik zerur goldawlary bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan goldaw hem-de medet beriji sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu agyr pursatda bildirilýän duýgudaşlygyň we berilýän doganlyk kömeginiň türk halkynyň ruhuny götermekde örän ähmiýetlidigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny, zenanlara, çagalara, tutuş doganlyk türk halkyna parahatçylyk we rowaçlyk dileg etdi.

Surat: Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler