ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule Türkmenistanyň Prezidentini wezipesine girişmegiňiz mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) adyndan tüýs ýürekden gutlady. Odre Azule pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini Parižde kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.
Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:
Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu ýokary wezipede uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ÝUNESKO-nyň agzasy Türkmenistan bilen 1993-nji ýyldan bäri üstünlikli dowam etdirilýän hyzmatdaşlygymyzyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Ähtnama” gol çekilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmeklige bolan ygrarlylygyny aýratyn belläp geçmek isleýärin. Türkmenistan Durnukly ösüşiň ähli 17 maksadyny resmi taýdan kabul eden hem-de olary özüniň milli meýilnamalaryna we durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýalaryna uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy. ÝUNESKO 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini mundan beýläk-de ilerletmek boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýär.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine, şol sanda sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etjek täze pikirleri we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak arkaly pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, mümkinçiligiňiz bolan ilkinji pursatda Sizi Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda kabul etmeklige sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Ãaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady