SPORT

Obameýang “Barselona” bilen şertnama baglaşdy

32 ýaşly gabonly futbolçy Pýer-Emerik Obameýang dünýäniň iň güýçli klublarynyň biri bolan “Barselona” topary bilen şertnama baglanyşdy. Bu barada toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gabonly futbolçy Angliýanyň “Arsenal” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy. Obameýangyň “Barselona” şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň tomsuna çenlidir. Futbolçyny goýbermegiň bahasy 100 million ýero hökmünde kesgitlendi.

Şeýle hem şertnamada futbolçynyň topardan 2023-nji ýylyň 30-njy iýunda gidip biljekdigi barada madda goşuldy.

Ozal, “Barselona” topary bu futbolçyny kärendesine almagy göz öňünde tutupdy. Ýöne “Arsenal” topary bilen hüjümçiniň zähmet hakynyň çykdajylaryny paýlaşdyrmak boýunça ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Obameýang Italiýanyň “Milan” toparynyň ýetişdiren futbolçysydyr. Ol şeýle hem Fransiýanyň “Lill”, Monako”, “Sent-Etýen” we Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparlarynda çykyş etdi. Ol 2018-nji ýyldan bäri “Arsenal” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýärdi.

Obameýang 2015-nji ýylda Afrika yklymynda “Ýylyň futbolçysy” we 2016-njy ýylda Germaniýanyň “Bundesliga” milli futbol çempionatynda “Ýylyň futbolçysy” derejelerine eýe boldy.

 

1 milliarddan gowrak bergisi bolan futbol topary

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi