BIZNES

Oba hojalygynyň iş meýilnamasy: oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Meýilnamalarda topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, şol sanda oba hojalygyny we weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem meýilnamalarda pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen senagat kärhanalarymyzy üpjün etmek, galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, azyk senagatyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy ösdürmek, behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem topluma degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder