SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda maldarçylygyň ähmiýeti

Oba hojalyk pudagy halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu gün döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maldarçylyk hojalyklarynyň hasabyndaky gara mallar hem-de dowarlar, düýeler, guşlar ferma jaýlary bilen bilelikde kanunçylyga laýyklykda, tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar hem-de olara bellenen tertipde ýer bölekleri bölünip berilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» gol çeken resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny 10 ýyla çenli möhlete alyp bilerler.

Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, mehanizmleri hem-de gurallary, ekskawatorlary we buldozerleri, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almak üçin ýylda 1 göterim bilen karz berilýär. Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýylda 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlet bilen karz berilýär.

Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň her birinde naýbaşy tohumly ýaş göleleri ýetişdirmekden başlap, taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin we eti gaýtadan işläp taýýarlamaga çenli doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Bu taýýar önümlere peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt, mesge ýagy we beýlekiler degişlidir.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oba hojalygy hem öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär. Telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz düzüm bölegidir. Netijede, türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna azyklyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalary edýärler. Häzirki wagtda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bagçylyk we balçylyk depginli ösdürilýär. Şeýle hem maldarçylyk we guşçulyk täze itergä eýe boldy. Pudaklaýyn ylmyň, seçgiçiligiň we tohumçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösýändigini, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny we hususy pudagyň kuwwatynyň artýandygyny bellemeli.

Parahat Rejepsähedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri