SIZDEN GELENLER

Oba hojalygy täzeçil çemeleşmeler

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­ýik ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň kün­jek­le­rin­de tä­ze bi­na­lar, des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Mu­nuň özi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­my­zyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni, ösüş­le­riň aý­dyň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.

Esa­san hem «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça bellenilen wezipeler amal edilýär.

Hu­su­sy ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri has-da giň­dir we şun­da se­na­gat­da, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek­de mö­hüm ugur­la­ra üns ber­mek bol­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek hu­su­sy ul­ga­myň pa­ýy­na düş­ýär. Şo­nuň üçin hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de te­le­ke­çi­li­ge uly üns be­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gyn­da hem te­le­ke­çi­ler mi­we­çi­lik, üzüm­çi­lik ýa­ly ugur­la­ry yzy­gi­der ös­dür­ýär­ler. Umu­man aý­da­nyň­da, hu­su­sy ul­ga­myň uly müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň çekýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazarlary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiren mejlisinde ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak, hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen möhüm Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak bellenildi. Döwletimiz tarapyndan ýer eýeleriniň bol önüm öndürmekleri üçin edilýän şeýle aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.

 

 Laçyn Akmyradowa,

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri