TEHNOLOGIÝA

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

Grafiki prosessorlary işläp düzüji “Nvidia” kompaniýasynyň aksiýalary täze rekord goýup, diýen ýaly 3% ýokarlandy. Netijede, mikroshema öndürijiniň bazar bahasy $4,5 trilliondan geçdi diýip, metbugat gulluklary habar berýär. Bu barada “Nasdaq” biržasynyň maglumatlary görkezýär.

Bir ýylyň dowamynda kompaniýanyň aksiýalary takmynan 39% ýokarlandy we amerikan kompaniýasy şertnama baglaşmak depginini güýçlendirip, emeli intellekt bazarynda öz ornuny berkidýändigi sebäpli, maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär.

Geçen hepde belli bolşuna görä, “Nvidia” kompaniýasy emeli aň ulgamynyň öňdebaryjylaryndan “OpenAI” kompaniýasyna $100 milliard çenli maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýalar bilelikde “OpenAI”-nyň programma üpjünçiligi we infrastruktura boýunça ösüş ýol kartalaryny optimizirlar, şeýle hem “NVIDIA”-nyň enjamlaýyn we programma üpjünçiligini ösdürer. Maksat dünýäde iň ösen emeli aň infrastrukturasyny döretmekden ybarat.

Bilelikdäki taslamanyň ilkinji tapgyrynyň 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda işe girizilmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, “Nvidia” kompaniýasy “Intel” şereketine $5 milliard maýa goýjakdygyny mälim etdi.

“Nvidia” – amerikan tehnologiýa kompaniýasy bolup, grafiki prosessorlary we beýleki çipleri işläp düzýär. Ol 1993-nji ýylda döredilip, merkezi ofisi Kaliforniýa ştatynyň Santa-Klara şäherinde ýerleşýär. Kompaniýanyň işläp düzen önümleri emeli intellekt, wideo oýunlary we awtomobil senagatynda giňden ulanylýar.

Iýul aýynyň başynda “Nvidia” kompaniýasynyň bazar bahasy $4 trilliondan geçen ilkinji kompaniýa hökmünde taryha giripdi.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi