Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň
ýüzüni gyrkyp alyp, saçbaga dakmak bagt getirermiş.
* * *
Musulman halklaryň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär.
* * *
Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda
rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.
* * *
Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomsuň salkyn
boljakdygydyr.
* * *
Nowruzda Aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn
bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolarmyş.
* * *
Nowruzda howa yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmaldyr.
* * *
Nowruzda dünýä inen çaga bagtly bolarmyş.
* * *
Nowruzda gargalar gagyldaşsa, yzyndaky aýda howa salkyn bolar.
* * *
Nowruzda geýlen täze geýim bagt getirermiş.
* * *
Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy
bolar. Eger şemal günortadan öwüsse, tomus yssy hem epgek bolar.
* * *
Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinleriň hasylly
boljakdygyndan nyşandyr.
* * *
Nowruzda ak ýürekden edilen arzuwlar wysalyna gowşarmyş.
Taýýarlan Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.