PEÝDALY MASLAHAT

Notariat: Kesgitlenen döwlet pajynyň möçberleri

 

Notarial hereketleriň görnüşleri

döwlet pajynyň möçberi göterimde

manat möçberinde

Notarial hereketleriniň amala aşyrylandygy üçin,notarial taýdan tassyklanan resminamalaryň öwezlikleriniň berlendigi we blanklaryň ulanylandygy üçin:
a) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalarynyň tassyklanandygy üçin;

200%*

600 manat

b) gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak barada şertnamalaryň tassyklanandygy üçin (ýaşaýyş jaýlaryny, öýleri, beýleki jaýlary, desgalary, gurluşygy tamamlanylmadyk jaýlary, beýleki gozgalmaýan emläkleri):
ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara), ata we enä, baba we mama, agtyklara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara,

100%*

300 manat

beýleki şahslara;

300%*

900 manat

ç) ulag serişdelerini sowgat etmek hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin:
ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara), ata we enä, baba we mama, agtyklara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara,

100%*

300 manat

beýleki şahslara;

200%*

600 manat

d) ozal baglaşylan şertnamalar boýunça (şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny aýrybaşgalamak şertnamalary boýunça) hukuklary hem-de borçnamalary bermek hakynda geleşikleriň tassyklanandygy üçin; ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak üçin aýrybaşgalamak hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin;

100%*

300 manat

e) emlägi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin; nyrh kesmäge degişli bolmadyk beýleki geleşikleriň tassyklanandygy üçin:
şahsy taraplar üçin,

50%*

150 manat

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

100 %*

300 manat

ä) zamunlyk şertnamalarynyň tassyklanandygy üçin:
şahsy taraplar üçin,

5%*

15 manat

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

10%*

30 manat

f) ýaşaýyş jaýyny peýdalanmagyň tertibi hakynda şertnamalaryň; taraplaryň şertnamanyň bahasyny azaltmak hakynda ylalaşyklarynyň tassyklanandygy üçin:
şahsy taraplar üçin,

10%*

30 manat

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

20%*

60 manat

g) nika şertnamalaryň tassyklanandygy üçin; aliment tölemek hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin;

20%*

60 manat

h) nyrh kesmäge degişli bolan beýleki şertnamalaryň tassyklanandygy üçin; şol sanda hem şu bölümiň «b» we «ç» kiçi bölümlerinde agzalyp geçilenlerden başga her dürli emlägi satyn almak-satmak, sowgat we alyş-çalyş etmek şertnamalaryň tassyklanandygy üçin:
şahsy taraplar üçin,

50%*

150 manat

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

100%*

300 manat

i) wesýetnamalaryň tassyklanandygy üçin;

100%*

300 manat

j) Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda kanun boýunça mirasdarlar diýlip ykrar edilýän adamlara mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin:
ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, kämillik ýaşyna ýeten çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara),

50%*

150 manat

atasyna we enesine, babasyna we mamasyna, doganlaryna we uýalaryna, agtyklaryna,

100%*;

300 manat

beýleki mirasdarlara;

300%*

900 manat

ž) mirasy goramaga zerur çäreleriň görlendigi üçin;

10%*

30 manat

k) är-aýalyň nika döwründe edinilen umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin;

20%*

60 manat

l) umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin; hususy (ýekebara) kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin; gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalaryndan edinilenligi hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin;

100%*

300 manat

m) gozgalýan emlägi peýdalanmak we oňa ygtyýar etmek (ulag serişdelerinden başga), karz amallaryny amala aşyrmak hukugy üçin ynanç hatlarynyň tassyklanandygy üçin:
ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara),

10%*

30 manat

beýleki şahslara;

20%*

60 manat

n) ulag serişdelerini we gozgalmaýan emläkleri peýdalanmaga (dolandyrmaga), olara ygtyýar etmäge hukuk üçin (satyn almak-satmak, sowgat, alyş-çalyş etmek we beýlekilere) ynanç hatlaryň tassyklanandygy üçin:
ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara), ata we enä, baba we mama, agtyklara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara,

10%*

30 manat

beýleki şahslara;

100%*

300 manat

ň) beýleki ynanç hatlaryň tassyklanandygy üçin:
şahsy taraplar üçin,

10%*

30 manat

edara görnüşli tarap üçin;

20%*

60 manat

o) bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilendigi üçin;

her bir sahypa üçin 1%*

3 manat

ö) ýerine ýetiriş ýazgylarynyň amala aşyrylandygy üçin;

100%*

300 manat

p) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň (nusganyň her bir sahypasy üçin) dogrulygyna şaýatlyk edilendigi üçin; resminamalarda goluň hakykylygynyň, şol sanda terjimeçiniň golunyň hakykylygynyň (resminamanyň her bir sahypasy üçin) şaýatlyk edilendigi üçin:
şahsy taraplara,

1%*

3 manat

edara görnüşli taraplara;

5%*

15 manat

r) döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny (öýlerini) satyn almak-satmak hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin;

50%*

150 manat

s) şahsy we edara görnüşli taraplaryň arzalarynyň beýleki şahsy we edara görnüşli taraplara berlendigi üçin; resminamalary saklamak üçin kabul edilendigi üçin; faktlaryň tassyklanandygy üçin;

30%*

90 manat

ş) notarial taýdan tassyklanan resminamalaryň öwezlikleriniň berlendigi üçin;

50%*

150 manat

t) banklarda hasaplar açylan mahaly gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilendigi üçin, her bir ýazmaç üçin;

5%*

15 manat

u) girew şertnamasy tassyklanandygy üçin, şol sanda goşmaçalar we üýtgetmeler girizilendigi barada şertnamalaryň tassyklanandygy üçin (döwlet kärhanalary, şol sanda döwletiň gatnaşýan paýy 70 we ondan köp göterim bolan bilelikdäki kärhanalar muňa girmeýär).

30%*

90 manat

ü) gozgalmaýan ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilendigi üçin;

2%*

6 manat

w) ozal baglaşylan şertnamalary ýatyrmak hakynda ylalaşyklaryň tassyklanylandygy üçin;

20%*

60 manat

y) şu sanawda görkezilmedik beýleki notarial hereketleriň amala aşyrylandygy üçin:

20%*

60 manat

Bellik:

* Döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary göterimlerde.

** Notarial edaralaryndan daşarda amala aşyrylýan notarial hereketler üçin döwlet pajy iki esse möçberde töletdirilýär, şeýle hem şol hereketleri amala aşyrmak üçin gitmek bilen baglanyşyklylykda edilen hakyky çykdajylar tölenilýär.

Çeşme :  Türkmenistanyň Adalat Ministrligniň resmi websaýty

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik