TEHNOLOGIÝA

Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler

Norwegiýa dünýäde ilkinji bolup benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglary öz bazardan çykaran ýurt bolup biler. Bu barada “CNBC” teleýaýlymy habar berýär.

Möhüm nebit we gaz gorlaryna garamazdan, Norwegiýa täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglary (NEV) durmuşa ornaşdyrmakda öňden bäri dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Teleýaýlymyň habaryna görä, ýurtda täze awtoulaglaryň söwdasynda elektrik ulaglarynyň paýy 2010-njy ýylda 1% -den 2024-nji ýylda 88,9% -e çenli ýokarlandy we bu depgin pese gaçman, ýokary görkezijilere eýe bolmagyny dowam etdirýär.

Norwegiýanyň Ýollary dolandyryş müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji hepdelerinde ýurtda satylan täze ýeňil awtoulaglarynyň 96% -den gowragy elektrikli awtoulaglar boldy.

Bu hem ýurduň 2017-nji ýylda awtoulaglaryň dolulygyna energiýanyň täze çeşmeleri bilen hereket edýän ulgamyna geçmek babatda öňde goýan maksatlaryna üstünlikli ýetýändiginiň subutnamasydyr.

Norwegiýanyň ulag ministriniň orunbasary Sesilýa Knibe Kroglundyň bellemegine görä, Norwegiýa 2025-nji ýylda şäher awtobuslaryny elektrikli ulaglar bilen doly çalyşmagy we onýyllygyň ahyryna çenli agyr ýük ulaglarynyň paýyny 75% -e ýetirmegi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi