SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Norwegiýa ähli çäklendirmeleri ýatyrdy

Norwegiýanyň Premýer-ministri Jonas Gahr Stoere koronawirus ýokanjynyň mundan beýläk uly howp döretmeýändigini belläp, wirus üçin girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylandygyny mälim etdi.

Metbugat ýygnagyny gurnan Norwegiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy agyz-burun örtügini dakynmak we howpsuz araçägi saklamak düzgüniniň aradan aýrylmagy babatda mundan beýläk howpsuz araçägi saklamagyň zerur däldigini belledi.

Ol ýurtda ähli çäklendirilmegiň ýatyrylmagynyň koronawirus ýokanjynyň dolulygyny aradan aýrylandygy manysyna gelmeýändigini, bu wirusyň alamatlary ýüze çykan adamlaryň barlagdan geçmeginiň zerurdygyny habar berdi.

Wirusyň täze mutasiýalarynyň ýüze çykyp biljekdigini mälim eden Norwegiýanyň Premýer-ministri Jonas Gahr Stoere adamlaryň biri-birine golaýlaşmakdan gorkman, daşary çykyp biljekdiklerini mälim etdi.

Norwegiýada koronawirus ýokanjy sebäpli çäklendirmeleriň birnäçesi şu aýyň başynda ýatyrylypdy.

 

Attestat bilen : Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Size garaşýar

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar