BILIM

Nobel hepdeligi: himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň ýokary hem-de abraýly sylaglarynyň biri bolan Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edilýär. Lukmançylyk we fizika ugrundan soňra himiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan alymlar belli boldy. Olar – Benýamin List we Dewid Makmillandyr.

Olar asimmetrik organiki kataliziň ösüşi boýunça bu baýraga mynasyp boldular. Bu usul täze dermanlaryň işlenip düzülmeggine ep-esli derejede täsir etdi we himiýany ekologiýa taýdan arassa bolmagyna getirdi.

Deýwid Makmillan iňlis-amerikan himigi, häzirki wagtda Prinston uniwersitetinde (ABŞ) işleýär. Benýamin List bolsa, Maks Plank kömür gözleg institutynyň nemes himigi. Bularyň ikisi-de, biri-birine garaşsyzlykda 2000-nji ýylda asimmetrik organiki kataliz usulyny işläp düzdüler.

Kataliz, emele gelen önüme täsir etmeýän bir madda bilen himiki reaksiýanyň tizlenmegidir. Şeýle maddalara katalizator diýilýär. Organiki katalizde uglerod, wodorod, kükürt, fosfor we organiki birleşmelere mahsus metal däl elementlerden ybarat katalizatorlar ulanylýar.

Nobel baýragyna maynasyp bolan ýeňijileriň sylaglary 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň aradan çykan güni gowşurylýar. Onlaýn tertibinde geçiriljek dabarada ýeňijilere medal we diplom bilen 10 million kron möçberinde pul sylaglary berler.

Geçen ýyl bu baýraga “CRISPR/Cas9” genomyny redaktirleme usuly ösdürmek boýunça amala aşyran ylmy işi üçin Jennifer Dudna we Emmanuel Şarpantýe mynasyp bolupdy.

Nobel hepdeligi: fizika boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ýene-de okaň

Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy

Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi