BILIM

Nobel hepdeligi: fizika boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň ýokary hem-de abraýly sylaglarynyň biri bolan Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edilýär. Lukmançylyk ugrundan soňra fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan alymlar belli boldy. Bu baýraga Sýukuro Manabe, Klaus Hasselman hem-de Jorjo Parizi mynasyp boldy.

Fizika boýunça Nobel baýragy Sýukuro Manabe we Klaus Hasselman Ýeriň klimatynyň fiziki modelirlenmegi hem-de ählumumy maýylgan babatda ygtybarly çaklamalar üçin, Jorjo PArizi bolsa atomlardan planetalara çenli fiziki ulgamlarda näsazlyklaryň we üýtgemeleriň nähili täsir edýändigini anyklandygy üçin berildi.

Geçen ýyl bu baýraga Rojer Penrouz, Raýnhard Gensel we Andrea Gez mynasyp bolupdy.

Nobel baýragyna maynasyp bolan ýeňijileriň sylaglary 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň aradan çykan güni gowşurylýar. Onlaýn tertibinde geçiriljek dabarada ýeňijilere medal we diplom bilen 10 million kron möçberinde pul sylaglary berler.

 

Türkmenistan-Özbegistan: Sebitleriň forumy dörediler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar