JEMGYÝET

Nobatdaky «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary Aşgabada getirildi

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli  Milli maksatnamasyna laýyklykda, indi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyp, iň täze enjamlar bilen üpjün edilýär.

Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň «Boenig» kompaniýasyndan «Boenig-777-300ER» kysymly iki sany täze ýolagçy howa gämilerini satyn almak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat Halkara howa menziline getirildi.

Şeýle howa gämileriniň birinjisi 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabada getirilipdi.

Ikinji döwrebap howa gämisi hem ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Ondaky orunlaryň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom we 296-sy bolsa  ekonom-klasa degişlidir.

2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390  km deň bolup, 40 tonna çenli  göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary