Näme Üçın, Hıç Kım “Ejem Ogly” Bolmak Islemeýär?!

Beýleki dillerdäki ýagdaýlary doly bilemok welin, türkmen dilinde käwagt garaşylmadyk we gaty geň galmaly ýagdaýlar ýüze çykýar duruberýär. Ynha, şolaryň biri hem ýokardaky sözbaşy bilen baglanyşykly.

Geň tarapy şu: Türkmen oglanlarynyň hemmesini ejeleri dogurýar. Ýöne olaryň ýekejesi-de “ejem ogly” bolmak islänok. Eýsem, sizce bu geň dälmi?!

Geliň, hemme zady başdan başlalyň we deliller bilen derňäliň.

Türkmen diliniň sözlüginde “eje” sözüne “çagany dogran aýal” diýlip düşündiriş berilýär. [Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. I. Aşgabat, 2016:337]

Diýmek, çagany dogran aýal, şol çaganyň ejesidir. Erkek oglan-da özüni dogran enäniň ogludyr. Diýmek, erkek oglan ejesiniň ogludyr. Bu ýerdäki düşünje düzümleri bilen düşünişmezlik mümkin däl. Hemme zat köre hasa. Şeýle-de bolsa, sözüň ýa-da söz düzüminiň üstüne ýüklenilýän garaşylýandan başgaçarak many-mazmunyň, pikirdir düşünjäniň nusgasy pähimiň hörpüni düýbünden üýtgedýär.

“Ejemogly” pähiminiň düşünje düzümlerinden emele getirilen paradigmasynyň käbir nusalary bilen göz ýetirip bileris.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň birinji nusgasy. Erkek göbeklileriň hemmesi ejesiniň ogly bolandygyny kabul edýärler, ýöne olaryň hiç birisi, hatda aralaryndan ýekejesi-de, “ejemogly” bolmaklyga kes-kelläm razylyk bermeýärler.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň ikinji nusgasy. Erkek göbeklileriň hemmesi ejesiniň ogludyr, çünki olary kakasy dogurmandy. Bu üýtgewsiz hakykatdyr. Ejesiniň dograndygyna garamazdan, olaryň hemmesi “ejemogullyk” derejesinden boýun towlaýarlar.

Dil we hukuky taýdan seljermäniň üçünji nusgasy. Oglanyň ejesi “Bu oglan meniň öz oglumdyr” diýip, dogran perzendini enelik haky bilen bagryna basýar. Ýöne ejesiniň ak süýdüni emip ulalan şol oglan welin “Men asla ejem ogly däldirin” diýip, iki aýagynam diräp garşy çykýar.

Şonuň üçin türkmenlerde “çaga aga-gara düşünip, ulaldygy saýy atasy oňa merdemsi garap ugraýar, çaga lellim, “ejem ogly” bolup ýetişmez ýaly, berk tutmaga ymtylýar” diýilmeginiň esasynda türkmen terbiýesi ýatýar.

Türkmen dilinde “ejemogly” bilen baglanyşykly anlatma hakynda şeýle maglumatlar duş gelýär. Şolardan käbir nusgalar:

Ejem ogly, özüni oňarmayan, elinden iş gelmeýän, nalajedeýin, lellim oglan [Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. I. Aşgabat, 2016:337].

“Ejem ogly” durnukly aňlatmasy barada Kerim Gurbannepesowyň “Oýlanma Baýry” [K. Gurbannepesow. Oýlanma Baýry. Aşgabat, 1995:368] diýen ýygyndysynda şeýle setirlere duş gelmek mümkin:

 

“Menem hüňürdedim: “Gülüpler geçiň,

Öýe gyzyl burçsuz barmajagym hak.

Keýwanyň buýrugy – men üçin kanun:

Burç getir diýdimi – burç alyp barjak,

Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak.

Ol meniň öz işim. Size bagly däl.

Onsoňam men siziň äriňiz ýaly,

Ýa ogluňyz ýaly ejemogly däl!..”

 

Netije ýerine şahsy garaýşym. Hormatly okyjylar! “Ejeli ogullar → ejem ogullary däldirler” diýen öňden dowam edip gelýän düşünjä menem garşy däl. Ýöne şuny asla unutmaly däldiris. Türkmen özüniň gelip çykyşyna degişli taryhy sahypalarynyň hiç birinde lellimligi, özüni oňarmazlygy, başarnyksyzlygy, ukypsyzlyga, nalajedeýinligi asla enäniň üstüne ýüklemändir. Muňa dogry düşünmek gerek. Hatda taryhyň altyn sahypalaryndan türkmen enesiniň han göterme derejesine (Güljemal Han) çenli baryp ýetendigini bilmek mümkindir.

Türkmenlerdäki “ejem ogly” aňlatmasy paýhas grammatikasy (когнитивная грамматика) babatdan halkara derejesinde ünsi özüne çekiji mysaldyr. Çünki, bu mysalyň türkmen pelsepesine, pedagogikasyna, harby tälimine we medeniýeti öwrenişine degişli maglumatlar bilen ýugrumy ýetirilendir. Bu ýerde asla enelerimize äsgermezlik edilmeýär.

Bu ýerde Türkmenlere, türkmenleriň maşgala gurluşyna mahsus iki nusga göz öňünde tutulmalydyr. Olarynyň gadymydan gelýän garaýyşlaryny atalar sözünden tapmak mümkindir:  “Gyz eneden görmedikçe, öwüt almaz, ogul atadan görmedikçe supra çekmez”, “Ata kesbi ogla halal, ene kesbi-gyza”, “Enesini gör-de, gyzyny al, kenaryny gör-de, bizini al” .

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

Ylym-bilim – jemgyýetiň hazynasy

Bilim — bagtyýarlygyň binýady

Ylym-bilim ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşydyr

Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler

Niger Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň söwda ministrleriniň birinji duşuşygyna gatnaşdy