BIZNES

Niderlandlaryň agrosenagat kompaniýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy

“East-West Trade” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň öňdebaryjy agrosenagat kompaniýalarynyň altysynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu sapar agrosenagat pudagynda bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen gurnaldy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu wekiliýetiň sapary türkmen tarapynyň geçen ýyl Amsterdamda üstünlikli geçirilen agroforuma gatnaşanlygyna jogap sapary bolup, onda biziň wekiliýetimiz ýurdumyzyň oba hojalyk kuwwatyny görkezipdi.

Niderlandlaryň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem oba hojalyk pudagynda özara gatnaşyklaryň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýratyn üns azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin esasy ugur hökmünde garalýan bagçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga berildi.

Gepleşikleriň netijesinde iki tarap hem döwlet-hususy hyzmatdaşlyk arkaly uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Muňa jogap hökmünde Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlara iş saparyny amala aşyrar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler