Hormatly Prezidentimiz: «Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr» diýip aýratyn belleýär. 2022-nji ýylyň geçen aýlaryna ser salanyňda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlary gönükdirilýär. Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmeler häzirki döwürde özüniň oňat netijelerini berýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagatyň paýy ep-esli artdy. Eksporta niýetlenen önümleri öndürýän beýleki pudaklaryň hem jemi içerki önümdäki paýy ýokarlandy.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň hem milli ykdysadyýetine goşandy uludyr. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ösüşiň täze döwründe öz öňümizde has belent maksatlary goýandygymyzy belläp, biziň esasy maksadymyzyň mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.
Şeýle hem nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna
gönükdirilen syýasatyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň
kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Hökümetiň nobatdaky giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100,7 göterim derejesinde berjaý edildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.
Şunda hormatly Prezidentimiz häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak we uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada belläp geçdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň işini çaltlandyrmak babatda giň tagallalar edilýär.
Bu gaz geçirijisi türkmeniň mawy ýangyjyny Günorta Aziýanyň iri döwletlerine ibermäge hem-de köp sanly maşgalalaryň ojaklarynda bagtyýarlygyň höküm sürmegine uly mümkinçilik döretjekdigi ikuçsyzdyr.
Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi bilen, dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ugratmagyň ösen ulgamyny döretmek babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda uly rowaçlyklara beslenýär.
Rahat Berdiýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
