SIZDEN GELENLER

Nebitgaz – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny ynamly artdyrýar, nebit we gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek üçin nebiti we gazy gaýtadan işlemek, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýar.

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparyndaky gepleşiklerde hem giňden beýan edildi.

Energetika meselesiniň üstünde aýratyn durlup geçildi. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdesini halkara bazarlara ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ekologik taýdan arassa, uglerod düzümi çäkli bu ýangyja dünýäde isleg örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugry boýunça gazy ibermek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurdumyz “ýaşyl” energetika “geljegiň energiýasy” hökmünde düşünmek bilen, häzirki wagtda milli derejede Gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Bellenilişi ýaly, wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň atmosfera goýberilýän zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm ugurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigini aýtdy.

Umuman, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgaz pudagydyr. Gaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegini dowam etdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gazyň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär. 32 ýylyň dowamynda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 11,7 esse köpeldi.

Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Ogulnur ANNAÝEWA, 
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri