SPORT

Naýbaşy kubogyň eýesi – “Altyn asyr”

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary taryhynda altynjy gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän bu topary Naýbaşy kubogy gazanmak ugrundaky ýaryşda “Ahal” toparyndan üstün çykmagy başardylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda bellenilip geçilýär.

“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşygyň esasydyr goşmaça wagtlary 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularynda bolsa şowlulyk “Altyn Asyryň” tarapynda boldy.

Şeýlelkide, “Altyn Asyr” arzyly kubogy soňky alty ýylda altynjy gezek eýelemegiň hötdesinden geldi. Bu topar 2015-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda by arzyly kubogy eýeledi.  Ýeňiji bolan topara baýraklary TFF-niň baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Ýeri gelende bellesek, bu toparlar 2005-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Naýbaşy kubok ugrundaky oýunlarda üçünji gezek duşuşdylar. Olaryň ilkinjisi 2015-nji ýylda geçirilip, “Altyn Asyr” garşydaşyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Ikinji duşuşyk hem “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlanyp, şol oýundaky ýeke-täk topy oýnuň 75-nji minutynda Selim Nurmyradow 11 metrlik urgusyndan geçirmegi başarypdy.

Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk

“Altyn Asyr” – “Ahal” – 1:1 (goş.w. 11; 11 m.j.u. 5:4)

Gollar: 73 Mekan Saparow (“Altyn Asyr”) – 68 Gurban Annaýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 32 Myrat Annaýew, 88 Ahmet Ataýew, 113 Mekan Saparow (“Altyn Asyr”) – 12 Gurban Annaýew, 28 Guwanç Abylow, 56 Elman Tagaýew, 85 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow  (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Berdimyrat Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar sany: 1000

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler