Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal 14-nji gezek “Rolan Garros” tennis ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:3, 6:3 we 6:0 hasabynda ýeňen Nadal “Uly tuwulga” ýaryşlarynda uly ýeňişleriniň ýene-de biri gazandy.
Profesional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde Nadal 5-nji, Ruud bolsa 8-nji orny eýeleýär.
Nadal “Rolan Garros” ýaryşlary boýunça iň köp ýeňiji bolan türgen hasaplanýar. Onuň hasabyna 14 ýeňiş bar.
Şeýle hem Nadal “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky 22-nji ýeňşini baýram etdi. Ol mundan başga-da, 2 gezek “Awstraliýa Açyk”, 2 gezek “Uimbldon”, 4 gezek “US Open” ýaryşlarynda ýeňiş gazandy.
“Rolan Garros-2022” ýaryşynyň umumy pul baýragy 43 million 600 müň ýewrodyr. Ýeňiji 2 million 200 müň ýewro gazanýar.
“Uly tuwulga” ýaryşlaryny tennis dünýäsiniň iň abraýly ýaryşlary hasaplanýar. Ol 4 ýaryşdan ybaratdyr: Awstraliýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň Açyk çempionatlary we Beýik Britaniýadaky “Uimbldon” ýaryşydyr.
Rafael Nadal aýagyndaky şikes zerarly uly sporty taşlamagy hem göz öňünde tutýar.
Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy