JEMGYÝET

Mustafa Şentop Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy. Bu barada “Anadolu” agentligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglandy.

Mustafa Şentop bu ýokary sylag üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna uly hoşallyk bildirdi.

– Bu ordeni Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda has-da pugtalanan gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edýärin. Bu ýokary sylagyňyz üçin minntdarlyk bildirýärin we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýlkä-de ösdürilmegi we dost-doganlygyň elmyda dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary ederin – diýip, Mustafa Şentop belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi