DÜNÝÄ

“Mulan” film bolup dolanyp gelýär

«Disney» kompaniýasy Niko Karonyň reŽissýorlygynda surata düşürilen «Mulan» filminiň tanyşdyryş wideogörnüşlerini ýaýratdy.

Edil şeýle at bilen 1998-nji ýylda multfilm hem surata düşürilipdi. Şol multfilmde bolşy ýaly, Mulan atly gyz erkek geýmine geçip, özüni goşuna kabul etdirýär. Şeýlelikde, ol Hytaýa demirgazykdan hüjüm eden goşuna garşy göreşýär. Filmde Mulanyň keşbini hytaýly aktrisa Lýu Ifeý ýerine ýetirýär.
Tanyşdyrylyş wideogörnüşlerine görä, multfilmdäki ýaly filmde gahryman gyzyň Muşu atly aŽdarha dosty bolmaz. Onuň ornuny filmde ady rowaýata öwrülen kaknus guşy ― feniks eýelär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi