Türkmen bedewi halkymyzyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanysykly bolan mukaddes jandarlaryň biridir. Ol türkmen üçin diñe bir ulag serişdesi däl, eýsem ynamdar dost, wepaly ýoldaş we buýsanjyň nyşanydyr.
Bedew ýurdumyzyň ösüşleri bilen aýakdaş öňe gidip, häzirki döwürde hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Türkmeniň milli baýlyklary – at, haly, dutar, saz gurallary, şaý-sepler, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaý ýaly gymmatlyklar halkymyzyň mertebesini dünýä ýüzünde beýgeldýär. Bu baýlyklaryň saklanyp gelmeginde ata-babalarymyzyň halal zähmeti we ak ýüregi uly orun eýeleýär.
Halkymyz bedewini ýürekden söyüp, oňa aýratyn hormat goýýar. Sebäbi türkmen bedew bilen bile ýaşaýan, bile göreşen, bile ýeñiş gazanan halkdyr. Bedew türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.
Şonuň üçin hem ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň edýän zähmeti ýokary derejede sarpalanylýar we dürli hormatly atlar bilen sylaglanýar.
Türkmen halkynyň bedew bilen näderejede ýakyn baglanyşyklydygyny görkezýän rowaýatlar hem az däl. Il arasynda aýdylmagyna görä, Oguz han ömrüniň ahyrynda ogullaryna Watany, ata-enäni we aty hemişe aýamagy wesýet edipdir. Bu sözler ata-babalarymyzyň durmuşynda bedewiň nähili möhüm orun eýeländigini görkezýär.
Bu hakykatlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserlerinde hem giñden beýan edilyär. Ol kitaplarda ahalteke bedewiniň taryhy, gymmaty we halkymyzyň durmuşyndaky orny anyk mysallar bilen görkezilýär.
Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň edil Oguzhan ýaly, Görogly ýaly janköýer dosty-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda “…halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornunyň has ýokary bolupdyr diýmek bilen” nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. “Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar”.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly “…biziň ata-babalarymyz ýüwrük bedewlerine atlanyp, dünýä ýol salypdyrlar”. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan-behişli bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.
Bu günki günde Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan ösüşleriň, rowaçlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Munuň şeýle bolmagynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, alyp barýan parasatly syýasaty esas bolýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Nurmämmet Nunnaýew,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
