Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyndan soňra Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Fernando Santoş wezipesinden boşadyldy. Bu orun üçin belli porutgal tälimçisi Žoze Mourinýo teklip edildi. Ýöne Mourinýo bu teklibi kabul etmän, häzirki wagtda tälim berýän Italiýanyň “Roma” toparynda işini dowam etdirmek isleýär.
Mourinýo “Roma” topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanýança işlemegi meýilleşdirýär. Şertnamanyň möhleti 2023-24-nji möwsümiň ahyrynda çenli göz öňünde tutulandyr.
59 ýaşyndaky Mourinýo 2021-nji ýylyň maýynda “Roma” tälimçilige bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda italýan topary ilkinji gezek Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy.
“Benfika”, “Unian Leýriýa”, “Porto”, “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenhem”, “Inter” we “Real Madrid” ýaly toparlara tälim beren tejribeli tälimçi Mourinýo tälimçi hökmünde 2 gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny, 1 gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy. Ol Angliýada 3 gezek, Portugaliýada 2 gezek, Italiýada 2 gezek, 1 gezek Ispaniýada milli çempionatda çempion bolmagy başardy.
Mourinýo teklibi kabul etmän soň, Portugaliýanyň ýygyndysy Zinedin Zidan we Luis Enrike ýaly tälimçilere hem teklip etmegi meýilleşdirýär.
