DÜNÝÄ

Moskwada rus-türkmen geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk,  şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler boýunça, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda iki ýurduň daşary syýsy edaralarynyň hyzmatdaşlygy meselelerine seredilip geçildi. Geňeşmeleriň önümçilikli häsiýetini belläp, gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berdiler, hyzmatdaşlygyň 2020-nji ýylda ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny, aýratyn hem  GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.  Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem ýeterlik üns berildi.

Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn, sebitara we halkara gün tertibiniň esasy meselelerinde bir-birege düşünişmegiň ýokary derejesini nygtadylar. Şeýle syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmeklige ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy bellenildi

Ýene-de okaň

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 1,6 milliarddan geçýär

Türkmenistan ABŞ-daky wiza möhleti bozulmalarynda iň az düzgün bozan ýurt

Hindistanyň ilaty 1,5 milliarda golaýlady

Hytaýyň Başlygy Gazagystana barar

“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammiti Astanada geçiriler