JEMGYÝET

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Hazar ykdysady forumynyň ikinjisi Russiýa Federasiýasynda geçirilýär. Moswka şäherindäki “Skoldowa” innowasion merkezde geçirilýän forumda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin foruma gatnaşmak üçin gelen Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammed Mohber, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen duşuşdy.

Şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary bilelikdäki surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar.

Hazar ykdysady forumda Hazar sebitindäki söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşylýar.  Şol bir wagtyň özünde, ulag infrastrukturasy, energiýa, daşky gurşawy goramak, sebitara hyzmatdaşlygy,  medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alşylýar.

Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň habar bermegine görä, Russiýanyň Hazarýaka döwletleri bilen söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 20,1 milliard dollara barabar boldy.

Mälim bolşy ýaly, Birinji Hazar ykdysayd forumy 2019-njy ýylda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri