Paleontologik maglumatlara görä, mör-möjekleriň gelip çykyşy gülli ösümlikleriň gelip çykyşyna belli bir derejede gabat gelýär. Şonuň uçin ösümlikler bilen mör-möjekleriň arabaglanyşygy irki döwürden başlanandyr we örän çylşyrymlaşandyr. Olaryň kopüsi ösümlikleriň baldaklaryndan, ýapraklaryndan, güllerinden, tohumlaryndan, köklerinden iýmitlenip, özlerine ýaşamaga, goranmaga ýer, gerekli suw üpjünçiligini edinmäge alada edinýärler. Mör-möjekler bolsa, öz gezeginde, ýere gaçan ösümlik galyndylaryny topraga garmaga, olaryň çüýrüntgi (gumus) we beýleki ösümlik üçin iýmit maddalaryna öwrülmegine, topragyň gurplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da ösümlikleriň 80% tozanlanmagynda mör-möjekleriň paýyna düşýär. Eger-de mör-möjekler bolmadyk bolsa, ösümlikleriň hasyllylygy birnäçe esse kemelerdi we dünýäniň gury ýerleriniň köp bölegini ösümlik galyndylary bilen örtülerdi, topragyň hili hem peselerdi. Bulardan başga-da, adamzat mör-möjeklerden ýüpek, bal, mum, propolis ýaly peýdaly iýmit we derman maddalaryny, şellak, karmin ýaly reňkleýji maddalary alýar.
Şaberdiýewa Göwherbibi
TOHU-nyň mugallymy
Döredijilik hyzmatdaşlygy: Belarus we Özbegistan bilelikde film surata düşürer