JEMGYÝET

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlandy

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.

Bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki gyrasynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglanjyk we gyzjagaz Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha duz-çörek hödürlediler, gül dessesini gowşurdylar.

Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli taryhy duşuşyk ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, häzirki zaman türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň senenamasynda möhüm sahypany açar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşarlar hem-de iki ýurduň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini, gazananlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlärler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär