DÜNÝÄ

Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Şazada Alber II-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Monakonyň Şazadasy Alber II Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ýanwarynda Monako amala aşyran saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şol bir wagtyň özünde taraplar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň 2025-nji ýylyň aprelinde amala aşyran ynsanperwerlik saparynyň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Şazada Alber II-ä 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak ýokary derejeli halkara forumyna, şeýle hem şu ýylyň awgustynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi