BIZNES

“Miwe” AGPJ ilkinji hasylyny Gazagystana eksport etmäge başlady

“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, onuň düzümine “Hemsaýa”, “Datly miwe”, “Miweli atyz”, “Gök bulut” hojalyk jemgyýetleri girýär. Paýdarlar jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan 1200 gektar ýer bölegi bölünip berlip, ol ýerde miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu ýerde zähmet çekýän ussat bagbanlar daşary döwletlerden getirilen we hasyl berijiligi ýokary bolan dürli görnüşli miweli baglara ideg edýärler. Şu ýyl ýokary hilli bu miweli baglaryň ilkinji hasyly ýygnalyp, miweleriň onlarça tonnasy Gazagystana ugradyldy we geljekde hem bu miweleri tapgyrlaýyn esasda eksport etmek boýunça şertnamalar baglaşyldy.

Paýdarlar jemgyýetiniň bagçylyk meýdanlarynda şetdalydyr badam, 40 gektar ýerde alma, 110 gektar ýerde nektarin we beýleki dürli görnüşli miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan alynýan hasyl “Mahmal” haryt nyşany bilen gaplara gaplanylýar. “Miwe” AGPJ-niň degişli hünärmenleri bu geçginli miweleriň eksportyny tapgyrlaýyn esasda dowam etdirmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini belleýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder